«IMDb» dünýäniň iň owadan aktrisalarynyň onlugyny düzdi: Margo Robbiden Hande Erçele çenli

MilliInfo

24 Awgust, 2025

Iň abraýly kinematografiýa çeşmelerinden biri hasaplanýan «IMDb» öz sahypalarynda iň köp görlen şekilleriň esasynda iň owadan aktrisalaryň sanawyny taýýarlady. Sanawyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymyna çenli şeýle yzygiderlilikde galjakdygy bellenilýär.

1-nji orun: Margo Robbi

Aktrisa döredijilik ýoluna 2008-nji ýylda «Goňşular» teleserialy bilen başlady. Ol bu serialda 2011-nji ýyla çenli çykyş etdi. Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçdi we şol ýerde kinematografiýada baş rollary ýerine ýetirip başlady. Margo Robbi «Uoll-stritiň möjegi», «Tarzan. Rowaýat» filmleriniň ekrana çykmagyndan soň has-da uly meşhurlyk gazandy.

Margo Robbiniň karýerasynda iň köp girdeji getiren film bolsa iň gowy kino ugry boýunça «Oskar» baýragyna hödürlenen «Barbi» komediýasydyr.

2-nji orun: Şeýlin Wudli

Aktrisa kino sahnasyna örän ir çykdy. Ol 8 ýaşyndaka «Kakanyň ornuny çalyşýan ynsan» atly filmde çykyş edipdi. Şeýlin Wudli «Wesýetçiler» we «Mizantrop» filmlerindäki rollary bilen has-da giňden tanalyp başlady. Şeýle hem «Uly kiçijek ýalan» teleserialyndaky keşbinden soň Şeýlin Wudli mini-serial ýa-da film ugry boýunça iň gowy ikinji plandaky zenan roly üçin «Emmi» baýragyna hödürlendi.

3-nji orun: Dilraba Dilmurat

Dilmuradyň asly — uýgur. Ol Şanhaý teatr akademiýasyny tamamlady. Aktrisa ilkinji gezek 2013-nji ýylda «Anarhan» atly teleserialda çykyş etdi. Şondan iki ýyl geçmänkä Hytaýyň «Göwher söýgülim» atly teleserialy bilen tanalyp, «China TV Drama» baýragynyň «Iň gowy täze başlan aktrisa» ugry boýunça ýeňiji boldy.

2020-nji ýylda bolsa ol Hytaýyň iň meşhur aktrisalarynyň arasynda ikinji orny eýeläp, Aziýanyň «TikTok» platformasy bolan «Douyin-de» 55,6 milliondan gowrak abunaçysy bilen rekord goýdy.

4-nji orun: Nensi Makdoni

5-nji orun: Kriti Sanon

6-njy orun: Haniýa Aamur

7-nji orun: Ana de Armas

8-nji orun: Emma Uotson

9-njy orun: Ember Herd

10-njy orun: Hande Erçel

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo