Iň meşhur e-poçta hyzmaty bolan «Gmail» 22 ýaşyny doldurdy

MilliInfo

Apreliň ilkinji gününde «Google» korporasiýasynyň elektron poçta hyzmaty bolan «Gmail» 22 ýaşyny doldurdy.

Ol 2004-nji ýylyň 1-nji aprelinde «Google» internet gözleg saýty tarapyndan işe girizildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu elektron poçta hyzmatyndan 1,8 milliarddan gowrak adam peýdalanýar. Ol tölegsiz hat we habar ugratmakda peýdalanylyp, hemmelere elýeterlidir hem-de ygtybarlydyr.

«Gmail» 2012-¬nji ýylda iň meşhur e-poçta hyzmatyna öwrüldi we ulanyjylaryň sany boýunça esasy bäsdeşi «Microsoftyň» «Hotmail» ulgamyny hem yzda galdyrdy. Peýdalanyjylar gmail.com e-poçta salgysyny açmak arkaly bu ulgamy ulanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Ýeri gelande ýatlasak, 2005-nji ýylda poçta gutusy 1 GB-den 2 GB¬ çenli artdyrylypdy. 2012-nji ýylda «Google Drive» işe girizildi we poçta gutusynyň ölçegi 7,5 GB¬-den 10 GB çenli ulaldyldy. Häzirki wagtda «Gmail» ulanyjylaryna «Google» gurşawynda 15 GB ýer hödürleýär. Munuň özi ulgamyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info