Halkara alymlar topary binanyň içinde elektrik energiýasyny netijeli öndürip biljek uzak wagtyk gün enjamlaryny döretdiler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri munuň energiýa öndürýän şeýle gün panelleriniň klawiaturalaryň, uzakdan dolandyryjy enjamlaryň, duýduryş we datçik ýaly tehnologiýalaryň ýakyn wagtda batareýasyz nusgada işläp biljekdigini aňladýandygyny tassyklaýarlar.
— Millionlarça pes energiýa enjamlary batareýany çalyşmaga bil baglaýar — bu dowamly tejribe däl — diýip, Londonyň kollej uniwersitetiniň Materiallary öwreniş institutyndan doktor Mojtaba Abdi Jalebi belleýär.
Täze gün serişdelerini döretmek üçin alymlar belli bir şöhleleriň tolkunlaryny has gowy siňdirmek üçin düzülip bilinýän perowskit atly materialy ulandylar. Perowskitiň esasy ýetmezçiligi duzak hökmünde häsiýetlendirilýän kristal gurluşynda ownuk kemçilikleriň bolmagydyr. Bu ýetmezçilikler diňe bir elektrik energiýasynyň akymyny kesmek bilen çäklenmän, wagtyň geçmegi bilen materiallaryň täsirleşmegine hem kömek edýär.

