Hindistan ilkinji hususy orbita raketasyny şowly uçurdy

MilliInfo
Hindistan ilkinji hususy orbita raketasyny şowly uçurdy

Hindistanyň «Skyroot Aerospace» startapy «Vikram-1» raketa göterijisini uçurmak bilen, «Aagaman missiýasyny» şowly tamamlady. Bu taryhy waka Hindistany ABŞ-dan we Hytaýdan soň dünýäde hususy kosmos enjamlaryny orbita çykarmak tehnologiýasyny özleşdiren üçünji ýurda öwürdi.

Dört basgançakly «Vikram-1» raketasy Şriharikotanyň Satiş Dhawan adyndaky kosmos merkezinden uçuryldy. Uçuşyň dowamynda iň täze tehnologiýalaryň: uglerod kompozitinden ýasalan korpusyň we 3D-printerde çap edilen dwigatelleriň netijeliligi tassyklanyldy. Orbita çykarylan enjamlaryň arasynda geljekde kosmos galyndylaryny arassalamak bilen meşgullanjak robotlaşdyrylan manipulýatorlary synagdan geçirmek üçin niýetlenen gurallar bar.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ortaça ýaşy bary-ýogy 28 bolan ýaş inženerler toparyny bu üstünlik bilen gutlady. Raketanyň peýdaly ýüküniň dolulygyyna Hindistanyň komponentlerinden ybaratdygyny bellemek gerek. Şeýle-de bolsa, ol kosmonawtlaryň hatlary, hindi ylmynyň düýbüni tutujylaryň kiçijik heýkelleri we 18 karatlyk altyndan ýasalan mini-raketa simwoliki obýektleri hem göterýär.

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasynyň (ISRO) ýolbaşçysy W.Naraýanan bu üstünligi kosmos pudagyny hususy kompaniýalar üçin açan döwlet reformalarynyň göni netijesi hökmünde häsiýetlendirdi. «Skyroot Aerospace» kompaniýasynyň eýe bolan bu sepgidi Hindistana kiçi hemralary uçurmakda dünýäniň täjirçilik bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagyna mümkinçilik berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info