Hindistanyň «Goa» futbol kluby türkmen myhmansöýerligine ýokary baha berdi

MilliInfo

1 sagat öň

Hindistanyň «Goa» futbol kluby türkmen myhmansöýerligine ýokary baha berdi

11-nji awgustda «Arkadag» stadionyň maslahatlar zalynda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň deslapky tapgyrynyň çäklerinde boljak «Arkadag» «Goa» futbol duşuşygyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Hindistanyň «Goa» klubynyň baş tälimçisi Gouramangi Singh Türkmenistana bolan saparyndan galan ýakymly täsirleri barada durup geçdi we öňde duran oýun barada pikirlerini paýlaşdy.

Myhmanlaryň tälimçisi žurnalistleriň soraglaryna jogap bermezden öň, hindi wekiliýetine görkezilen mähirli kabul edişlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

«Biz bu ýere düýn gije geldik we gelen badymyza türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýduk. Bizi örän mähirli garşyladylar. Bu ýeriň adamlary diýseň açyk göwünli we hoşniýetli, şäheriň binagärlik keşbi bolsa hakykatdan-da haýrana galdyryjy. Şeýle hormat üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýäris» — diýip, tälimçi Gouramangi Singh nygtady.

Tälimçiniň bellemegine görä, topar öz garşydaşy bolan «Arkadag» futbol klubynyň oýunyna düýpli seljerme berdi.

«Biz garşydaşymyzy jikme-jik öwrendik. «Arkadag» toparynyň oýunlaryna, şol sanda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň geçen möwsümdäki duşuşyklaryna syn etdik. Biz soňky pursada çenli bäsleşmäge taýýar. Meýdançada ýokary hilli futbol görkezip, oňyn netije gazanmak üçin ähli güýjümizi sarp ederis» — diýip, hindi toparynyň tälimçisi belledi.

«Arkadag» we «Goa» toparlarynyň arasyndaky bu oýun AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrundaky möhüm synag.

Bu duşuşyk 12-nji awgustda «Arkadag» stadionynda sagat 20:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info