17-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Rolliansýah Soemiratyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara giňişliginde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge we giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.