Şu gün — 28-nji martda Indoneziýanyň Bali şäherinde Aziýanyň Badminton konfederasiýasy tarapyndan guralan 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen çäreleriň jemleri we 2026-njy ýylyň meýilnamasyny tassyklamak boýunça ýyllyk umumy ýygnanyşykdan gelip gowşan hoş habar Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň alyp barýan işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklady.
Şol ýerde Aziýanyň Badminton konfederasiýasy ynsanperwerlik hyzmatlaryna aýratyn ygrarlylygy hem-de badminton arkaly jemgyýetçilik ruhuny ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkmenistanyň Badminton federasiýasyny ýörite şahadatnama bilen sylaglady. Resminamada ýurdumyzyň Badminton federasiýasynyň hyzmatlarynyň uly täsirleri döredendigi bellenilýär we munuň hakyky çempionlary dünýä bermekdäki ähmiýeti tassyklanylýar.
Milli federasiýanyň alyp barýan netijeli işleriniň ykrarnamasyna öwrülen şahadatnama Aziýanyň Badminton konfederasiýasynyň prezidenti Kim Jong Soo tarapyndan gowşuryldy. Şunuň ýaly Hormat hatlarynyň yklymyň bary-ýogy 13 federasiýasyna gowşurylandygyny bellemek gerek.
2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Badminton federasiýasynyň şeýle sylaga eýe bolmagy onuň gysga wagtda uly işleri bitirendigini görkezýär.
Biz Türkmenistanyň Badminton federasiýasyna geljekde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.