Ýurdumyzyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan eýran ýük gämisindäki adamlary halas etdiler

MilliInfo

14 Ýanwar, 2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylyşy ýaly, şu gün — 14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan «Rona» atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda, gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.

Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.

Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info