Iňlis dili okuwy üçin täze mümkinçilik: Gyşky «EnglishPalooza» maksatnamasyna bellige alyş başlandy

MilliInfo

10 Dekabr, 2025

Iňlis dili okuwy üçin täze mümkinçilik: Gyşky «EnglishPalooza» maksatnamasyna bellige alyş başlandy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasy we «American Councils» guramasy tarapyndan guralýan gyşky «EnglishPalooza» maksatnamasyna Türkmenistanyň ähli sebitlerinden ýaşlaryň bellige alynmagy başlandy. ABŞ-nyň ilçihanasy gyzyklanma bildirýän oglan-gyzlary bu mümkinçilikden peýdalanmaga çagyrýar.

Makstanama 2026-njy ýylyň 2 — 12-nji ýanwary aralygynda Aşgabatdaky Amerikan merkezinde, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlarynda geçirilýär.

Maksatnama ýaşlaryň iňlis dili başarnyklaryny ösdürmeginde, ABŞ-nyň taryhy we medeniýeti bilen interaktiw oýunlar arkaly tanyşmagynda, döredijilik hem tejribelik okuw giňişliklerine gatnaşmagynda möhüm mümkinçilikleri açýar.

Şeýlelikde, bu ýerde iki toparyň hereket etjekdigini ýatladýarys:

  • Birinji topar: 13 — 15 ýaş aralygy (başlangyç dereje)

  • Ikinji topar: 16 — 18 ýaş aralygy (orta dereje)

Bellige alyş möhleti: 2025-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli.

Arzalary ýollamak üçin: https://bit.ly/winterpalooza2025

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info