Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýar

MilliInfo

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Mary şäherinde geçiriljek iňlis dili okuwlaryna gatnaşmak üçin çagyrýar. Bu okuw halkara söwdasy, eksport üçin haryt öndürmäge, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almaga, syýahatçylyk hem-de degişli ugurlarda işleýän hünärmenlere iňlis dilini kämilleşdirmäge we işlerinde dil päsgelçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder.

Mary welaýatynda ýaýbaňlandyrykjak okuwlar «offline» formatynda intensiw ýagdaýda guralar. Ol 2025-nji ýylyň awgust – dekabr aýlary aralygynda (Elementary we Pre-Intermediate derejeler) dowam eder.

Tölegsiz guraljak okuwlara häzirki wagtda halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, syýahatçylyk bilen meşgullanýan, şeýle-de degişli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp alnar.

Okuwa gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 7-nji awgustda sagat 23:59-a çenli aşakdaky link arkaly degişli anketany dolduryp, ýüz tutuň:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSdWga8GoH8QKNQXv-wLaLiUBgFjHbMTUXAM5NSrlSstF5penA/viewform?usp=dialog

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo