Energetikada innowasiýalar: TDEI-de germaniýaly hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi

MilliInfo
Energetikada innowasiýalar: TDEI-de germaniýaly hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda ýaşyl energetika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasy» hem-de «Emeli aňy tejribede ulanmak» atly okuw maslahatlary üstünlikli geçirildi.

Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek boýunça ähtnamanyň esasynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlık boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň ýardamy bilen amala aşyryldy. 

Çäräniň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini integrirlemek, geotermal energiýa, biomassa, wodorod tehnologiýalary hem-de emeli aň ulgamlarynyň amaly ulanylyşy boýunça hünärmenleriň we talyplaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu okuw maslahatyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň halkara hünärmenleri we professor-mugallymlary gatnaşyp, institutyň ýaş hünärmenleri, mugallymlary, talyplary bilen tejribe alyşdylar. 

Iki gün dowam eden okuw sapaklarynda energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň bahalandyrylyşy we konwertor tehnologiýalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info