Maliýe hyzmatlary ulgamynyň dünýä derejesindäki innowasiýalary «UK FinTech Week 2026-da» hödürlener

MilliInfo

16 sagat öň

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 20—24-nji apreli aralygynda Londonda geçiriljek Beýik Britaniýanyň maliýe tehnologiýalarynyň hepdeligi (UK FinTech Week 2026) barada habar berýär.

«UK FinTech Week» çäresiniň esasy wakasy bolan Maliýe ulgamyndaky innowasiýalaryň global sammiti (IFGS 2026) finteh-kompaniýalaryň esaslandyryjylaryny, telekeçileri, maýadarlary, banklaryň ýolbaşçylaryny, düzgünleşdiriji edaralaryň wekillerini, syýasatçylary, alymlary we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemlär.

Maksatnama dünýä derejesindäki ähmiýeti, öňdebaryjy garaýyşlary we Beýik Britaniýanyň maliýe tehnologiýalary ekoulgamynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikleri hödürleýär.

Ilçihananyň bellemegine görä, Beýik Britaniýanyň maliýe tehnologiýalary hepdeligine gatnaşmak türkmen wekillerine şu mümkinçilikleri berer:

  • Sanly bank işi, tölegler, maliýe tehnologiýalary we maliýe durnuklylygy üçin kadalary hem-de gözegçilik usullaryny işläp düzmekde öňdebaryjy maliýe düzgünleşdirijileriniň tejribesini öwrenmek;

  • Iri halkara banklarynyň emeli aň, kiberhowpsuzlyk, açyk bank işi we dessin töleg ulgamlary ýaly döwrebap finteh-çözgütlerini iş ýüzünde nähili ulanýandyklary bilen tanyşmak;

  • Britaniýanyň we dünýäniň Türkmenistanyň maliýe we bank ulgamlarynyň dowam edýän sanly özgertmelerine goldaw bermäge ukyply tehnologik üpjün edijileri bilen göni gatnaşyk gurmak;

  • Kadalaşdyryjy talaplary berjaý etmek, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek, sarp edijileriň hukuklaryny goramak we sanly maliýe ulgamyny düzgünleşdirmek çygrynda Türkmenistanyň maliýe ulgamyndaky özgertmelerini öňdebaryjy halkara tejribesi bilen deňeşdirmek we utgaşdyrmak.

Ilçihana bu öňdebaryjy nusgalar we tehnologiýalar bilen tanyşmagyň Türkmenistanyň maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksatnamasynyň mundan beýläk-de ösüşli ýoluny dowam etdirmegine ýardam etjekdigine, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşiniň uzak möhletleýin strategik maksatlaryna laýyklykda esaslandyrylan syýasy we maýa goýum çözgütleriniň kabul edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýar.

Çäre baradaky goşmaça maglumatlary şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info