Instagram Kriştianu Ronalduny 8 million yzarlaýjysyndan mahrum etdi

MilliInfo

1 sagat öň

6-njy maýdan Instagram giň gerimli arassalaýyş işlerini geçirýär: botlary, işjeň bolmadyk we şübheli akkauntlary öçürýär. Şeýlelikde, köp sanly meşhur ýyldyzlar hem millionlarça yzarlaýjylaryny ýitirdiler. Kaýli Jenner 15 mln abunaçysyndan jyda düşse, Ariana Grandesiň we Selena Gomesiň her biriniň 6 mln, Jastin Biberiň bolsa 5 mln yzarlaýjysyndan mahrum bolandygy habar berilýär.

Instagramyň iň meşhur şahsyýetleriniň biri bolan Ronaldu bolsa 8 million yzarlaýjysyndan mahrum boldy. Muňa garamazdan, ol 666 million yzarlaýjy bilen öňki ýaly, Instagram platformasyndaky abunaçylarynyň sany boýunça birinji orunda galdy.

Instagramyň maksady: platformany spamdan, botlardan we galp akkauntlardan arassalamakdyr.

Siziň hem yzarlaýjylaryňyzyň sany birden azalan bolsa aladalanmagyň geregi ýok. Bu hakyky adamlaryň yzarlamagyny bes etmegi däl-de, awtomatiki arassalamagyň netijesi bolup biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info