Türkmen döwlet medeniýet instituty publisistik makalalary taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

MilliInfo

13 Oktýabr, 2025

Türkmen döwlet medeniýet instituty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda publisistik makalalary ýazmak boýunça «Hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly bäsleşigiň geçirilýändigini yglan etdi.

Gatnaşyjy ýaşlar bu bäsleşige mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri beýan edýän publisistik makalalaryny hödürläp bilerler.

Şunlukda, bäsleşige hödürlenilen işlere mynasyp baha berjek eminler saýlanylyp alynýar. Eminler toparynyň agzalary bäsleşigiň geçiriliň geçirilýän döwründe yglan edilýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler, çekeleşikli ýagdaý ýüze çykanda bolsa goşmaça şert girizmek hukugyna eýelik edýärler.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplar hakyndaky maglumatlar 1-nji noýabra çenli institutyň tdmi.ylymbolumi@gmail.com elektron poçtasyna ýollanylmalydyr. Has takygy, ýokary okuw mekdep oňa gatnaşjak talyp barada maglumaty beýan edýän hatyny we makalanyň çap edilen nusgasyny Türkmen döwlet medeniýet institutyna ugratmaly (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan fakulteti, hünäri we ýyly, makalasynyň ady görkezilmeli). Goşmaça maglumat almak üçin bolsa 481105 telefon belgisi boýunça habarlaşyp bilersiňiz.

Işiň möçberi A4 formatynda 4-5 sahypadan ybarat bolmalydyr. Ol «Times New Roman» formatynda 14 ölçegde ýazylmalydyr.  

Bäsleşigiň iň gowy işleri ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna hödürlener. Ýeňijiler bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň resmi saýtynda yglan ediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo