Ählumumy bazarlara goşulyşmak: Türkmen wekiliýeti Britaniýada ýurdumyzyň eksport kuwwatyny tanyşdyrýar

MilliInfo
Ählumumy bazarlara goşulyşmak: Türkmen wekiliýeti Britaniýada ýurdumyzyň eksport kuwwatyny tanyşdyrýar

Londonyň Günbatar Söwda-senagat palatasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bäş günlük işewürlik missiýasy açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TurkmenExpo» we britan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan bu çäre B2B gatnaşyklaryny ösdürmäge we türkmen eksportyny Ýewropa bazarlaryna ilerletmäge gönükdirilendir.

 Türkmen wekiliýetiniň düzümine milli kompaniýalaryň 20-siniň ýolbaşçylary girdi. Britan tarapyndan 40-dan gowrak gurama, şol sanda «Shell», «Range Rover», «Primark» we «Berkeley Group» ýaly dünýä belli iri kompaniýalar, şeýle hem London we Kembrij şäherleriniň öňdebaryjy uniwersitetleri hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. Günbatar Söwda palatasynyň baş direktory Alan Raýds duşuşygy açmak bilen, Merkezi Aziýa bazarynyň ýokary mümkinçiliklerini nygtady we britan işewürleriniň Türkmenistana jogap saparyny guramagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow şeýle missiýalaryň türkmen işewürligini bütindünýä söwda zynjyrlaryna girişmegi üçin örän wajypdygyny belledi. Oba hojalyk toplumynda, dokma senagatynda, gurluşykda, bilimde we syýahatçylykda özara hyzmatdaşlyk etmek meseleleri taraplaryň üns merkezinden ornuny tapdy.

 15-nji maýa çenli dowam etjek işewürlik missiýasynyň maksatnamasy ähmiýetli gepleşikler tapgyryny, maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyryşlaryny we Beýik Britaniýanyň önümçilik meýdançalaryna tanyşlyk saparlaryny öz içine alýar. Şu hepdäniň netijesi boýunça hyzmatdaşlyk we önüm ibermek hakynda birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info