Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji martda geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konsepsiýa laýyklykda, halkara standartlary we milli bähbitleri nazara almak bilen, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda innowasiýalary, döredijiligi höweslendirmek, innowasion telekeçiligi, ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, intellektual eýeçiligiň obýektlerini we netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň gurallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, bu ulgamda milli bilermenlerdir hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlary ornaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreler meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik ulgamyny halkara tejribeler esasynda ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.