16-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Breýn-ring» bäsleşigi geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşik 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy.
Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji başlangyçlarynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmekden, ýurdumyzyň daşary syýasatyny we halkara ykdysady mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmakdan, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Gyzykly geçen «Breýn-ring» bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary Baş baýraga, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary I orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary II orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary bolsa III orna mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.