Italiýanyň Kubogynyň finalynda «Lasio» toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňen «Inter» abraýly ýaryşyň täze ýeňijisi hökmünde bellige alyndy.
Rimde bolan oýun diýseň gyzykly geçdi. 14-nji minutda «Lasionyň» oýunçysy Adam Maruşiç pökgini öz derwezesinden geçirdi. Lautaro Martinesiň 35-nji minutda geçiren goly bolsa oýnuň gutarnykly netijesini kesgitledi — 2:0.
Topar şu möwsümde eýýäm ýurduň çempiony bolmagyň hem hötdesinden geldi. Taryhda 10-njy gezek Italiýanyň Kubogyny gazanan klub bu görkeziji boýunça ikinji orna geçdi. Rekord bolsa 15 gezek bu kubogy eýelän «Ýuwentus» toparynda degişli bolmagynda galýar.
Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl Italiýanyň Kubogyny «Bolonýa» topary gazanypdy.