«Inter Maýami» taryhda ilkinji gezek Demirgazyk Amerikanyň esasy futbol ligasy bolan MLS-iň çempiony boldy.
6-njy dekabrda geçirilen 2025-nji ýylyň futbol möwsüminiň final duşuşygynda Maýaminiň kluby «Wankuwer Uaýtkepsi» 3:1 hasaby bilen utdy. Duşuşyk Fort-Loderdeýldäki «Çeýz Stedium» arenasynda geçirildi.
Hawýer Maskeranonyň şägirtlerinden Edýer Okampo (8, öz derwezesine), Rodrigo De Paul (71) we Tadeo Alýende (90+6) dagy tapawutlandy. De Paul bilen Alýendeniň gollarynyň paslaryny futbol äleminiň rowaýata öwrülen ýyldyzy Lionel Messi berdi.

«Wankuweriň» ýeke-täk goluny bolsa Ali Ahmed (60) geçirdi.
Messi bütin 90 minutlap ýaşyl meýdanda çykyş etdi. Leodan başga-da, «Barselonanyň» öňki futbolçylary Žordi Alba bilen Serhio Buskets hem oýna dolulygyna gatnaşdylar. Bu Alba bilen Busketsiň professional karýeralaryndaky iň soňky duşuşyk boldy. Luis Suares bolsa duşuşygyň bütin dowamynda ätiýaçda oturdy.
Şeýlelikde, Messi karýerasynda 48-nji ýeňşini gazandy. Ol bu görkeziji boýunça ol absolýut rekordyň eýesidir.

2018-nji ýylda esaslandyrylan we eýesi Dewid Bekhem bolan «Inter Maýami» eýýäm dördünji Kubogyny eýeledi.
