1884-nji ýyl. Iňlis diliniň Oksford sözlüginiň birinji neşiri çap edildi.
1709-njy ýyl. Ýuwaş ummanyndaky Huan Fernandes arhipelagynyň asla ýaşaýyş bolmadyk adasyndan gämi kapitany bilen tersleşip, şol ýerde takmynan dört ýarym ýyllap ýeke galan deňizçi Aleksandr Selkirk tapyldy. Daniel Defo bu wakany öz kitaby üçin sýužet hökmünde ulandy. Selkirk bu eserde Robinzon Kruzonyň prototipi boldy.
1930-njy ýyl. «Taýms» (The Times) gazeti ilkinji krosswordy çap edýär.
1942-njy ýyl. Moskwada sowet we rus estrada aýdymçysy Lew Leşşenko dünýä indi.
1958-nji ýyl. Amerikanyň ilkinji emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy.
1982-nji ýyl. «Intel» kompaniýasy «x86» arhitekturasynyň ikinji nesline degişli bolan ilkinji 16 bitli «Intel 80286» prosessoryny çykardy.
1989-njy ýyl. Keniýada uzynlygy 5 metr bolan Omiuri atly piton, ýagny äpet ýylan heläk boldy. Ýerli taýpalar onuň jadyly güýjüniň bardygyna ynanýardylar. Ony elmydama ýurduň iň mertebeli myhmanlaryna görkezýärdiler. Bu jandaryň saglyk ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolsa Keniýanyň parlamentinde gyzgalaňly çekişmelere sebäp bolýardy.