1793-nji ýyl. Parižde dünýädäki ilkinji jemgyýetçilik haýwanat bagy açyldy.
1907-nji ýyl. Hytaýda uzynlygy 13 000 km bolan Pekin-Pariž awtoýaryşyna badalga berildi.
1916-njy ýyl. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurow dünýä indi.
1921-nji ýyl. Lew Nikolaýewiç Tolstoýyň «Ясная Поляна» döwlet muzeý-mülki esaslandyryldy.
1947-nji ýyl. «Saab» kompaniýasy özüniň ilkinji awtomobilini öndürdi.
1996-njy ýyl. «Intel» korporasiýasy «Pentium II» prosessoryny çykardy.
2003-nji ýyl. Kanaweral burnundan (murnundan) bortunda «Spirit» atly Mars boýunça barlag enjamy bolan raketa-daşaýjy älem giňişligine goýberildi.
2008-nji ýyl. Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Törekulowiç Aýtmatow aradan çykdy.