1503-nji ýyl. Meşhur ispan deňiz syýahatçysy we kartografy Kristofor Kolumb Täze Dünýä amala aşyran dördünji we soňky ekspedisiýasynyň dowamynda Kaýman adalaryny açdy.
1848-nji ýyl. Glazgoda dünýäniň iň meşhur çaý brendiniň esaslandyryjysy ser Tomas Jonston Lipton dünýä indi.
1869-nji ýyl. ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň demirgazygyndaky Promontori şäherçesinde «altyn çüý» kakyldy — bu ABŞ-nyň ilkinji transkontinental demir ýolunyň dabaraly açylyşyny aňladýardy.
1929-njy ýyl. Geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Agajan Babaýew doguldy.
1930-nji ýyl. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, G.H.Andersen adyndaky baýragyň eýesi Kaýum Taňrygulyýew doguldy. Ol çagalar edebiýaty boýunça öňdebaryjy alym-tankytçylaryň biridir.
1978-nji ýyl. Odessada «Duşuşyk ýerini üýtgedip bolmaz» (Место встречи изменить нельзя) atly meşhur filmiň surata düşüriliş işleri başlandy.
1993-nji ýyl. Ewerest gerşinde dokuz sany ekspedisiýadan bolan 40 adam bir wagtyň özünde jemlendi — bu şol dag üçin adamlaryň sany boýunça rekord görkezijidir.
2003-nji ýyl. 89 ýaşynda aradan çykanzenan özüniň gowy görýän sekiz ýaşly Tinkers atly gara pişigine Londonynyň demirgazygyndaky üç gatly jaýyny hem-de 100 000 funt-sterling möçberindäki puluny miras goýdy.