10-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

9 sagat öň

1812-nji ýyl. Jordž Baýronyň "Çaild-Garoldyň syýahaty" poemasynyň birinji iki baby çap edilýär. «Men bir gün irden ukudan oýandym we eýýäm meşhurdygymy bilip aldym» diýip, ol soňra ýazar.

1889-njy ýyl. Kanzas-Siti şäherinden (Missuri ştaty) bolan amerikaly telekeçi Elmon Braun Stroujer awtomatik telefon stansiýasyny ilkinji bolup patentleşdirýär we munuň bilen «ähli ATS-leriň atasy» diýen derejä eýe bolýar.

1905-nji ýyl. Londonda «Çelsi» futbol kluby esaslandyrylýar.

1922-nji ýyl. Russiýanyň paýtagtyndaky iň iri bölekleýin söwda kärhanalarynyň biri bolan SUM-yň (Merkezi uniwersal dükanyň) açylyşy bolýar. Ol Moskwanyň merkezinde, Gyzyl meýdançanyň we Uly teatryň golaýynda ýerleşýär. 

1940-njy ýyl. Prozaçy ýazyjy, dramaturg, teatr režissýory we aktýor Mihail Bulgakow aradan çykdy.

1996-njy ýyl. Kubaly Fransisko Ferreras ýörite enjamlary ulanmazdan, çuňluga çümmek boýunça rekord (130 metr) goýýar.

1966-njy ýyl. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Diňli obasynda şahyr Çary Ýegenmyradow dünýä indi. Ol öz goşgularynda Watanymyzy, onuň ümmülmez sähra-ýaýlasyny, tebigatyň şol gözellikleri ýaly sada hem göwnaçyk adamlaryny wasp etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info