10-njу noýabr: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

17 sagat öň

1885-nji ýyl. Nemes inženerleri Gotlib Daýmler we Wilgelm Maýbah ilkinji motosikletiň görnüşi bolan agaçdan tigire içerki ýangyç hereketlendirijisini oturtdylar.

1903-nji ýyl. ABŞ-nyň patent gullugy oýlap tapyjy Meri Andersona awtoulaglaryň öňki we yzky aýnalaryny süpürmek üçin ulanylýan enjam - awtomatiki aýna süpürgiçleri üçin patent berdi.

1951-nji ýyl. ABŞ-da göni jaň telefon hyzmatlary girizildi.

1961-nji ýyl. Stalingrad şäheriň ady Wolgograd diýlip üýtgedildi.

1970-nji ýyl. Sowet Soýuzy Aýa «Luna 17» ylmy kosmos stansiýasyny uçurdy.

1983-nji ýyl. Fred Kohen ilkinji kompýuter wirusy bilen tanyşdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo