1909-njy ýyl. Nýu-Ýorkda dünýäde ilkinji zenanlaryň arasyndaky awtoulag ýaryşyna badalga berildi.
1922-nji ýyl. On dört ýaşly kanadaly ýigit Leonard Tompson Torontonyň merkezi hassahanasynda insuliniň kömegi bilen süýji keselinden (diabetden) bejerilen ilkinji ynsan hökmünde bellige alyndy.
1935-nji ýyl. Zenan uçarman Ameliýa Erhart «Lokhid Wega» uçarynda Ýuwaş ummanynyň üstünden ýekelikdäki uçuşy amala aşyrdy.
1944-nji ýyl. Sowet mekdeplerinde bahalandyrmagyň 5 ballyk ulgamyna geçildi. Şoňa çenli bahalar «örän gowy», «gowy», «kanagatlanarly» we «erbet» diýen ýaly kesgitlemeler arkaly goýulýardy.
1952-nji ýyl. Ýurdumyzda «Mugallymlar gazeti» gazeti çykyp başlady.
1963-nji ýyl. Los-Anjelesde «Whisky-a-Go-Go» diýlip atlandyrylýan ilkinji şagalaň öýi açyldy.
1972-nji ýyl. Russiýaly teatr we kino aktýory, kinorežissýor Konstantin Habenskiý doguldy.