11-nji iýun: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

2 sagat öň

1687-nji ýyl. Daniel Defonyň beýanyna görä, 55 ýaşly Robinzon Kruzo Angliýa dolanyp geldi. Ol 1659-njy ýylda bolan elhenç tupan wagtynda gark bolan gäminiň ekipažyndan sag galmagy başaran ýeke-täk ynsan bolup, adam aýagy sekmedik ada düşüpdi we şol ýerde 27 ýylyny geçirmeli bolupdy.

1742-nji ýyl. Benjamin Franklin aşhana plitasynyň «atasy» hasaplanyp bilinjek enjamy — «Pensilwaniýa kamini» diýlip atlandyrylan metal peçi oýlap tapdy.

1770-nji ýyl. Iňlis deňiz syýahatçysy we kartografy Jeýms Kuk Awstraliýanyň kenarynda Uly barýer rifini açdy.

1842-nji ýyl. Nikolaý Wasilýewiç Gogolyň «Öli janlar» poemasy çapdan çykdy. Has takyk aýdylanda, kitabyň ilkinji neşiri «Çiçikowyň başdangeçirmeleri ýa-da Öli janlar» diýlip atlandyrylypdy.

1915-nji ýyl. Demirgazyk deňzinde iňlisler tarapyndan dünýäde ilkinji gezek harby gämiden harby uçar uçuryldy.

1930-njy ýyl. Amerikan zology Uilýam Bib we inžener Otis Barton özleri tarapyndan gurlan batisferada suwuň 400 metr çuňlugyna düşdüler we bu ugurda dünýä rekordyny täzelediler.

1975-nji ýyl. Russiýaly pianist-wirtuoz we jemgyýetçilik işgäri Denis Matsuýew doguldy.

1992-nji ýyl. Bostonda «Titanigiň» heläkçiliginden sag galanlaryň iň soňkusy bolan 103 ýaşly M.Robb wepat boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info