106-njy ýyl. Takmynan şu günler Hytaýda Saý Lun bambuk süýümlerinden kagyz almagy başarypdyr.
1302-nji ýyl. Şekspiriň ýazmagyna görä, şu gün Romeo Montekki we Julýetta Kapuletti adaglandyrylypdyr.
1702-nji ýyl. Londonda dünýäniň ilkinji gündelik gazeti bolan «Daily Courant» neşiriniň birinji sany çapdan edildi.
1744-nji ýyl. Londonda dünýäniň iň gadymy auksion öýleriniň biri bolan «Sotbis» (Sotheby’s) esaslandyryldy.
1970-nji ýyl. Pablo Pikasso özüniň 800 sany eserini Barselonadaky muzeýe sowgat berdi.
1978-nji ýyl. Kot-d’Iwuardan bolan meşhur futbolçy, Afrikada iki gezek «Ýylyň iň gowy futbolçysy» diýen adyň eýesi diýlip ykrar edilen Didýe Drogba dünýä indi. Angliýanyň «Çelsi» toparyndaky çykyşy ussat futbolçynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.
1996-njy ýyl. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda şol döwrüň dünýädäki iň belent binasy bolan «Petronas Towers» gurlup gutaryldy. Onuň beýikligi 452 metre deňdir. Häzirki wagtda bolsa bu ugurdaky dünýä rekordy Dubaýdaky beýikligi 828 metr bolan «Burj Halifa» binasyna degişlidir.
2020-nji ýyl. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) täze görnüşli koronawirus (COVID-19) ýokanjynyň ýaýramagyny pandemiýa diýip yglan etdi.