12-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

12 Fewral, 2026

1908-nji ýyl. Nýu-Ýorkuň Taýms-skwer meýdançasyndan Ýer şarynyň daşyndan aýlanmaly bolan ilkinji awtoulag ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryşa Amerika, Fransiýa, Italiýa we Germaniýa ýaly ýurtlardan jemi dokuz awtoulag gatnaşdy.

1917-nji ýyl. Angliýanyň hökümeti resmi taýdan zenanlaryň taksi sürüjisi bolup işlemegine rugsat berdi.

1924-nji ýyl. Tapylmagyndan 15 aý geçensoň Faraon Tutanhomonyň mumiýasy onuň aramgähindan çykaryldy.

1941-nji ýyl. Penissillin ilkinji gezek hassalary bejermekde üstünlikli ulanyldy.

1943-nji ýyl. Meksikanyň mekgejöwen meýdanynda Pari-Kutin wulkany emele geldi. Ol 1946-njy ýyla çenli 518 metr beýiklige ýetdi.

1946-njy ýyl. Uinston Çerçill ilkinji gezek «No comment» , ýagny «Hiç hili düşündiriş ýok» diýen jümläni ulandy. Soňra bu jümle syýasatçylaryň iň söýgüli jümlesine öwrüldi.

1947-nji ýyl. Sihote-Alin daglaryna (Uzak Gündogar, Ýapon deňziniň kenary) adamzat taryhynda mälim bolan iň uly demir meteoriti gaçdy. Ol atmosferada böleklere bölünip, 35 inedördül kilometr meýdana «demir ýagşy» bolup ýagdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info