13-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

13 Fewral, 2026

1498-nji ýyl. Ýazuw çeşmelerinde ilkinji gezek «bugalter» sözi ulanyldy. Bu söz nemes dilinden sözme-söz terjime edilende «kitap tutujy» (ýagny hasap kitabyny ýörediji) diýen manyny berýär. 

1769-njy ýyl. Moskwada belli rus publisisti, şahyr we meşhur basnýaçy Iwan Andreýewiç Krylow dünýä indi.

1875-nji ýyl. Amerikaly Edna Kenous ABŞ-nyň taryhynda ilkinji bäşem perzendi dünýä indiren ene hökmünde bellige alyndy.

Пятерняшки Дион.

1895-nji ýyl.Doganlar Lui we Ogýust Lýumýerler hereketli şekilleri almak üçin niýetlenen ilkinji utgaşykly kinokamerany patentleşdirdiler.

1940-njyýyl. Mihail Afanasýewiç Bulgakow «Ussa we Margarita» romanyna iň soňky düzedişini girizdi. Ýazyjy romanyň ilkinji redaksiýasyny 1930-njy ýylyň 18-nji martynda ýok edipdi. Soňky düzedişden iki hepde soň bolsa ýazyjy aradan çykdy.

1946-njy ýyl. Pentagon Mouçli we Ekkert (ENIAK) tarapyndan döredilen ilkinji sanly kompýuteriň önümçiligini yglan etdi. Bu äpet gurluş 160 kilowat elektrik energiýasyny sarp edýärdi, onuň düzüminde 17 468 sany lampa, 70 000-e golaý rezistor, 10 000 kondensator, 1 500 rele, iň esasy zat bolsa 6 000 sany el bilen dolandyrylýan öçürip ýakyjy enjam bardy.

1959-njy ýyl. Ilkinji «Barbi» gurjaklary satuwa çykaryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info