14-nji ýanwar: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

3 sagat öň

1789-njy ýyl. Italiýaly inžener Pilligrino hat ýazmak üçin niýetlenen maşyny oýlap tapdy.

1886-njy ýyl. Angliýanyň Berkşir şäherinde meşhur iňlis ýazyjysy Hýu Lofting dünýä indi. Ol şol bir baş gahrymany bilen tapawutlanýan eserleriň 13-sini döreden awtor hökmünde taryha girdi. Şol eserleriň sanawyny «Doktor Dolitlyň poçta bölümi», «Doktor Dolitlyň gündeligi», «Doktor Dolitlyň Aýa syýahaty» we "Doktor Dolitl we syrly köl» atly ajaýyp işler bezeýär.

1932-nji ýyl. ABŞ-da ylgaw üçin goýumlary kabul edýän ilkinji totalizator işe başlady.

1939-njy ýyl. Mollanepesiň «Zöhre we Tahyr» dessanynyň esasynda sahnalaşdyrylan pýesanyň ilkinji synag görkezilişi geçirildi. Mollanepesiň nusgawy dessanynyň esasynda Türkmenistanyň halk artisti we dramaturg Bazar Amanow we zehinli şahyr Hojanepes Çaryýew tarapyndan ýazylan «Zöhre we Tahyr» pýesasy uly üstünlik gazandy. Şondan bäri «Zöhre we Tahyr» sazly dramasy teatr sahnalarynda yzygiderli görkezilip gelinýär.

1954-nji ýyl. Parižde Žan Mareniň gatnaşmagynda «Graf Monte-Kristo grafy» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy.

1960-njy ýyl. Meşhur amerikan aýdymçysy we aktýory Elwis Prestli goşun üçin çagyryş aldy.

1989-njy ýyl. «Lýube» topary döredildi. 

1996-njy ýyl. - Hindistanly Ýogeş Şarma 31 118 gezek el gysyşyp, dünýä rekordyny goýdy. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info