1158-nji ýyl. Mýunhen şäheri esaslandyryldy.
1834-nji ýyl. Naždak kagyzy patentleşdirildi. Jon Oukeý owradylan aýnany pergament kagyzynyň ýüzüne çalmak arkaly naždagyň ilkinji nusgasyny (prototipini) oýlap tapdy. Adaty nusawy naždak bolsa ABŞ-da kiçi Aýzek Fişer tarapyndan patentleşdirildi.
1873-nji ýyl. Genrih Şliman Türkiýedäki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ilkinji altyn tapyndyny ýüze çykardy. Gomeriň «Iliada» poemasyna gürrüňsiz ynanan we hut şonuň kömegi bilen Gissarlyk depesine çykan Şliman Troýany we Priamyň hazynalaryny tapandygyna hiç hili şübhelenmeýärdi.
1894-nji ýyl. Kislowodskda Bogatyr çeşmesinden, ýagny Nartlaryň çeşmesinden (häzirki wagtda Russiýanyň meşhur «Narzan» mineral suw markasy hökmünde tanalýar) mineral suwuny gaplara guýýan ilkinji zawod işe girizildi.
1919-njy ýyl. Iňlis awiatorlary Jon Uilýam Elkok we Artur Braun hiç hili gonmazdan (üznüksiz), Atlantik okeanynyň üstünden uçuşy amala aşyran ilkinji adamlar boldular.
1985-nji ýyl. Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe döwletleriniň serhetlerinde pasport-wiza gözegçiligini ýönekeýleşdirmek baradaky Şengen ylalaşygyna gol çekildi.
2018-nji ýyl. Russiýa Federasiýasynda futbol boýunça dünýä çempionaty başlandy.
