14-nji mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

1 sagat öň

Şu gün dünýäde iň özboluşly baýramlaryň biri — «Pi» sanynyň güni» bellenilýär.

1794-nji ýyl. Amerikaly Eli Uitni pagta süýümini çigitden, gabykdan we beýleki garyndylardan çalt hem-de netijeli arassalamak üçin bir ýyl öň oýlap tapan «Kotton-jin» atly maşynyna patent aldy.

1879-njy ýyl. Germaniýanyň Ulm şäherinde fizik-teoretik, otnositellik nazaryýetiniň awtory, 1921-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýesi Albert Eýnşteýn dünýä indi.

1931-nji ýyl. Hindistanyň ilkinji sesli kinosy bolan «Dünýäniň nury» («Alam Ara») filmi ekrana çykdy.

1956-njy ýyl. Amerikanyň «Ampex» kompaniýasy dünýäde ilkinji «VR-1000» wideomagnitofonyny görkezdi.

1979-njy ýyl. Russiýaly artist we komik Pawel Wolýa doguldy.

2000-nji ýyl. Amerikan ýazyjysy Stiwen King dünýäde ilkinji öz eserini Internetde çap eden ýazyjy boldy. Bu eseri bir günüň dowamynda 2 million adam okady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info