15-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

21 sagat öň

B.e.ö. 483-nji ýyl. Ruhy taýdan kämil hasaplanyp, derejesini üýtgedeninden soňra täze diniň esaslandyryjysy bolan we Budda (nurana) adyny alan hindi şazadasy Siddhartha Gautama aradan çykdy.

1842-nji ýyl. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ilkinji gezek ýelmenýän poçta markalary ulanylyp başlandy.

1902-nji ýyl. Berlinde ilkinji metro açyldy.

1906-njy ýyl. Orenburg (Çkalow) oblastynyň Mustafana obasynda ýaşaýan daýhan maşgalasynda belli şahyr Musa Mustafowiç Jelilow dogulýar. Şahyryň «Hat gatnadyjy» poemasy onuň okyjylaryň söýgüsini gazanan eserleriniň biridir. Musa Jelil 1940-njy ýyllarda «Altyn saç», «Ildar» operalaryny döredýär.

1937-nji ýyl. «DuPont» kompaniýasynyň barlagçy-himigi Uolles Hýum Karozers neýlony patentledi.

1969-njy ýyl. Kembrijde adamyň ilkinji emeli tohumlandyrylmasy (EKO) amala aşyryldy.

1970-nji ýyl. ABŞ-da «IBM» kompaniýasynyň hünärmenleri maglumatlary saklamak üçin niýetlenen çeýe magnit diskini (floppy disk) oýlap tapdylar.

1987-nji ýyl. Kipriň futbol çempionatynda täze rekord goýuldy: bir oýunda jemi alty penalti bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info