15-nji ýanwar: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

4 sagat öň

1200-nji ýyl. Korol Filipp II Awgust Ýewropada ikinji bolan Pariž uniwersitetini esaslandyrdy.

1759-njy ýyl. Londonda Britan muzeýi açyldy.

1795-nji ýyl. Rus şahyry, dramaturg, pianinoçy we diplomat Aleksandr Sergeýewiç Griboýedow dünýä indi. Ol rifmalary ussatlyk bilen düzülen «Akylly bolmagyň azaby» (Горе от ума) pýesasynyň awtory hökmünde meşhurdyr. Bu eser teatrlarda ençeme gezek sahnalaşdyryldy we ekranlaşdyryldy. Şeýle hem, bu kitap ganatly jümleleriň çeşmesi boldy.

1831-nji ýyl. Wiktor Gýugo «Hudaýyň enesiniň Pariždäki ybadathanasyy» (Собор Парижской богоматери) romanyny tamamlady.

1885-nji ýyl. Amerikaly Uilson Bentli gar tozgajygynyň ilkinji fotosuratyny düşürdi. Munuň üçin çagalygyndan bäri gar bölejiklerine uly söýgi besläp gelen 20 ýaşyndaky fermer mikroskopa uly, eplenýän fotokamerany berkitdi.

1943-nji ýyl. Waşingtonda ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ştab-kwartirasynyň — Pentagonyň binasynyň gurluşygy tamamlandy.

1949-njy ýyl. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde türkmen edebiýatynyň tanymal wekili Bapba Gökleň dogulýar. Ol diňe bir goşgy däl, eýsem, kyssa eserlerini hem ýazdy.  Onuň gazet-žurnallarda çap edilen nowellalary, şeýle hem «Oýtak» hekaýasy okyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info