1568-nji ýyl. Ispan inkwizisiýasy Niderlandlaryň ähli ýaşaýjylaryny ölüme höküm etdi.
1659-njy ýyl. Britaniýanyň ilkinji çekiniň (400 funt sterling möçberinde) ýazylyp berlen güni.
1878-nji ýyl. ABŞ-da kümüş dollar dolanyşyga girizildi.
1923-nji ýyl. Goward Karter faraon Tutanhomonyň guburyny açdy.
1968-nji ýyl. Alabama ştatynyň Heýliwill şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilkinji 911 halas ediş gullugy işläp başlady.
1976-njy ýyl. SSSR-de Kamsk awtomobil zawodynyň konweýerinden birinji «KamAZ» kysymly awtomobil çykdy.
2007-nji ýyl. Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binalar toplumy ulanylmaga berildi. Ak mermerli ajaýyp bina üç toplumdan ybarat bolup, şolaryň biri merkeziň Döwlet kitaphanasydyr.