16-njy ýanwarda ÝUNESKO-nyň karary bilen Bütindünýä «The Beatles» güni bellenilip geçilýär. 1957-nji ýylyň hut şol gününde Liwerpulda «The Cavern» («Gowak») klubynyň açylyşy boldy. Wagtyň geçmegi bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan saz topary şol ýerde ilkinji gezek sahna çykdy.
1547-nji ýyl. «Грозный» lakamy bilen tanalýan Iwan IV-iň patyşalyk täjini geýmek dabarasy boldy.
1605-nji ýyl. Beýik ispan ýazyjysy Migel de Serwantes Saawedranyň «Don Kihot» eseriniň birinji bölümi Ispaniýada neşir edildi.
1820-nji ýyl. Bellinsgauzen we Lazarew Antarktidanyň kenarlaryna baryp ýetýär we biziň planetamyzyň iň soňky materigini açýar.
1900-nji ýyl. Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuraly doguldy.
1920-nji ýyl. ABŞ-nyň ştatlarynyň aglabasynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen On sekizinji düzediş tassyklanyldy. Ýurtda resmi ýagdaýda «Gurak kanun» (spirtli içgileri gadagan edýän kanun) güýje girdi.
1957-nji ýyl. Gorkiý awtomobil zawodynda (häzirki «GAZ» paýdarlar jemgyýeti) wekillik derejeli (lýuks) 7 orunlyk «Çaýka» (GAZ-13) ýeňil awtomobilleriniň ilkinji tapgyry ýygnaldy.
1984-nji ýyl. Maýkl Jekson özüniň haýran galdyryjy «Thriller» albomy üçin sekiz sany «Gremi» baýragyna mynasyp boldy. Maýkl «Ýylyň ýerine ýetirijisi», onuň bu eseri bolsa «Ýylyň iň gowy albomy» diýlip yglan edildi. Bir dabaranyň dowamynda alnan «Gremmi» baýraklarynyň sany boýunça goýlan bu rekord häzirki güne çenli täzelenmedi.