1521-nji ýyl. Magellanyň ekspedisiýasy beýik deňizçiniň wepat bolan ýerine — Filippinlere baryp ýetdi.
1831-nji ýyl. Wiktor Gýugonyň «Pariždäki Gudratly enäniň ybadathanasy» (Notre-Dame de Paris) romany ilkinji gezek neşir edildi.
1917-nji ýyl. «Maybelline» kompaniýasy kirpikler üçin reňki — «gündelik ulanylýan ilkinji häzirki zaman göz kosmetikasyny satuwa çykardy.
1926-njy ýyl. Amerikaly konstruktor Robert Goddard suwuk ýangyçly ilkinji raketanyň synagyny üstünlikli geçirdi.
1960-njy ýyl. Nýu-Ýorkda gün batareýalary bilen işleýän ilkinji awtomobil tanyşdyryldy.
1964-nji ýyl. Amerikaly kinorežissýor we senariýeçi Gor Werbinski dünýä indi. Ol «Jaň» atly gorkuly filmiň, «Karib deňziniň garakçylary» trilogiýasynyň hem-de «Rango» multfilminiň režissýory hökmünde tanalýar.
1967-nji ýyl. Fransiýanyň ekranlaryna baş keşpleri Žan Mare, Lui de Fýunes we Milen Demonžo tarapyndan janlandyrylan «Fantomas Skotlend-Ýardyň garşysyna» filmi çykdy. Kinonyň dowamy surata düşürilmedi, şonuň üçin hem, elhenç perdäniň aňyrsynda aslynda kimiň durandygyny bilmek hiç kime miýesser etmedi.