17-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

17 Fewral, 2026

1852-nji ýyl. Ermitaž giň köpçülik üçin açyldy.

1863-nji ýyl. Ženewada Halkara Gyzyl Haç komiteti esaslandyrylýar: ol ilkibaşda harby ýesirlere, syrkawlara we ýaralanan esgerlere kömek bermek boýunça meýletin jemgyýet bolupdyr.

1864-nji ýyl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ilkinji gezek söweş maksatly suwasty gämi şowly ulanyldy.

1867-nji ýyl. Sues kanalyndan ikinji gämi ýüzüp geçdi.

1963-nji ýyl. Amerikaly basketbolçy, NBA-niň 6 gezekki çempiony Maýkl Jordon dünýä indi.

1983-nji ýyl. «Ada» programmalaşdyrma diliniň «doglan güni».

1989-njy ýyl. Belgradda dünýädäki iň dowamly küşt partiýasy geçirilýär — I.Nikoliç we G.Arsowiç jemi 269 göçüm edýärler.

2000-nji ýyl. «Microsoft» korporasiýasy tarapyndan täze «Windows 2000» operasion ulgamynyň resmi tanyşdyrylan senesi.

2005-nji ýyl. Aşgabat şäherinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. Şekillendiriş sungaty muzeýi üç gatdan ybarat bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda sergi üçin niýetlenen 11 bölüm ýerleşdirilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info