1377-nji ýyl. Watikan Rim Papasynyň rezidensiýasyna (resmi kabulhanasyna) öwrülýär.
1847-nji ýyl. Mehanika boýunça alym, häzirki zaman nazary we tejribe aeromehanikasynyň esaslandyryjysy Nikolaý Ýegorowiç Žukowskiý dünýä indi.
1861-nji ýyl. Guýma ussahanasynyň eýesi Tomas Krepper hajathana üçin suw akdyrylýan bak üçin patent aldy.
1868-nji ýyl. Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romanynyň ilkinji doly neşiri çap edildi.
1916-njy ýyl. ABŞ-da Professional golfçularyň assosiasiýasy döredildi.
1942-nji ýyl. Iň beýik amerikan boksuçysy Muhammet Aly dünýä indi. Onuň hakyky ady — Kassius Marsellus Kleý-kiçi.
1969-njy ýyl. Beýik Britaniýada «Bitlz» toparynyň «Sary suwasty gämisi» («Yellow Submarine») albomy çykaryldy.
1988-nji ýyl. Arizonada (ABŞ) dünýädäki iň uly kaktus tapyldy. Onuň beýikligi 17 metr 65 santimetre barabar.
1995-nji ýyl. Ýaponiýanyň Honshýu adasynda ýerleşýän Kobe şäherinde ýurduň taryhyndaky iň güýçli we weýran ediji ýertitremeleriň biri bolup geçdi.