1855-nji ýyl. Afrikany syýahat ediji Dewid Liwingston (ýewropaly ) Zambezi derýasynda 120 metr beýiklikdäki şarlawugy ilkinji bolup gördi we oňa şa zenany Wiktoriýanyň adyny dakdy.
1880-nji ýyl. Ilkinji üç iňlis zenany London uniwersitetinde bakalawr derejesini aldy.
1922-nji ýyl. Iň soňky soltan Mehmet VI-nyň sürgün edilmegi bilen Osman imperiýasy ýykyldy.
1970-nji ýyl. Sowet döwrüniň «Луноход-1» atly ulagy Aýyň ýüzüne gonan ilkinji robotlaşdyrylan enjam boldy.
1988-nji ýyl. Dmitriý Lozinskiniň «Aidstest» atly ilkinji rus antiwirusy peýda boldy.
1996-njy ýyl. Awstraliýaly Kreýg MakGarri öz ogly bilen 10 kilometrlik ýoly çaga arabasynda 38 minut 38 sekuntda geçdi.
2003-nji ýyl. Arnold Şwarsenegger Kaliforniýanyň gubernatory hökmünde kasam kabul etdi.
2019-njy ýyl. Hytaýda COVID-19 wirusy ýokaşan ilkinji adam ýüze çykaryldy.

