18-nji fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

18 Fewral, 2026

1885-nji ýyl. ABŞ-da Mark Tweniň «Geklberri Finiň başdangeçirmeleri» atly kitaby çap edildi — bu eser «Tom Soýeriň başdangeçirmeleri» romanynyň dowamydyr.

1898-nji ýyl. Italýan konstruktory we meşhur awtoulag öndürijisi bolan «Ferrari» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrari dünýä indi.

1913-nji ýyl. Pedro Laskuran bary-ýogy bir sagat Meksikanyň prezidenti bolup, özboluşly rekord goýýar. Ol kasam kabul edensoň, general W.Huertany özüniň oruntutary edip belleýär we wezipesinden çekilýär.

1929-njy ýyl. «Oskar» kino baýragynyň ilkinji eýeleri yglan edildi.

1930-njy ýyl. Louella obserwatoriýasynda (Flagstaff, Arizona) işlän astronom Klaýd Tombo Pluton planetasynyň açylandygyny yglan etdi. Şol wagt fermeriň 24 ýaşly oglunyň ýokary bilimi ýokdy. 2006-njy ýylyň 24-nji awgustynda Pragada geçirilen Halkara astronomiýa birleşiginiň assambleýasynda Pluton Gün ulgamynyň planetasy statusyndan mahrum edildi. Indi bolsa ol diňe «göýdük planeta» hasaplanýar.

1930-njy ýyl. Amerikanyň Sent-Luis şäherinde Elm Farm Olle lakamly sygyr iki hereketlendirijili uçarda asmana göterildi. Uçuş wagtynda ony sagdylar, süýdüni paketlere gapladylar we paraşýutlar arkaly şäheriň üstünden aşak okladylar. Bu mahabat aksiýasy diýseň uly meşhurlyk gazandy. Birnäçe ýyl geçensoň, Sent-Luisde şol sygryň hatyrasyna ýadygärlik dikildi.

1979-njy ýyl. Sahara çölünde şol sebit üçin diýseň seýrek bolan täsin hadysa — garyň ýagmagy bellige alyndy. Ýarym sagatlap dowam eden gar Alžirde ähli awtoulaglaryň hereketini bökdedi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info