18-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

18 Iyul, 2026

18-nji iýul: Gyzykly maglumatlar

64-nji ýyl. Rimde bütin şäheri diýen ýaly weýran eden ägirt uly ýangyn tutaşdy.

1872-nji ýyl. Beýik Britaniýada ilkinji gezek gizlin ses berme düzgüni ulanyldy.

1898-nji ýyl. Ispaniýanyň «Atletik Bilbao» futbol kluby esaslandyryldy.

1925-nji ýyl. ABŞ-da zenanlaryň awtomobil sürüjisi hökmünde erkeklerden pes däldigi resmi taýdan yglan edildi.

1957-nji ýyl. ABŞ-da täze milli baýramçylyk — Hot-dog güni peýda boldy.

1967-nji ýyl. Amerikan aktýory, senariýeçisi, kinorežissýory we prodýuseri Win Dizel doguldy.

1968-nji ýyl. «Intel» kompaniýasy esaslandyryldy.

1986-nji ýyl. ABŞ-da Sigurni Wiweriň baş keşbi janlandyrmagyndaky «Kesekiler» («Чужие») filmi ekranlara çykdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info