1662-nji ýyl. Parižde ilkinji jemgyýetçilik ulagy peýda boldy. Bu ulag serişdeleriniň sekiz sany oturgyjy bolupdyr we olar hatda ýolagçy bolmadyk ýagdaýynda-da belli bir ugur boýunça bellenen wagtda gatnapdyr.
1874-nji ýyl. Rus filosofy Nikolaý Berdýaýew dünýä indi. Ol edebiýat boýunça Nobel baýragyna ýedi gezek dalaşgär görkezilen şahsyýetdir.
1892-nji ýyl. Iň güýçli hokkeý toparlary üçin niýetlenen baýrak — Stenliniň Kubogy (Stenly Cup) döredildi.
1898-nji ýyl. Nemes inženeri Rudolf Dizel içinden ot alýan dwigateli döretdi.
1900-nji ýyl. Niderlandlaryň «Aýaks» futbol kluby esaslandyryldy.
1931-nji ýyl. ABŞ-da ilkinji sakgal aýyrmak üçin niýetlenen elektrik enjamlarynyň önümçiligi başlandy.
1965-nji ýyl. Harby-howa güýçleriniň 30 ýaşly maýory Alekseý Leonow «Восход-2» kosmos gämisi bilen adamzat taryhynda ilkinji gezek açyk kosmosa çykdy.