1477-nji ýyl. Uillýam Kekston Angliýada ilkinji çap edilen seneli kitaby neşir etdi.
1865-nji ýyl. Lewis Karolyň meşhur romany «Alisanyň täsinlikler dünýäsindäki başdangeçirmeleri» çap edildi.
1865-nji ýyl. Mark Tweniň ilkinji hekaýasy «Saturday Press» tarapyndan neşir edildi.
1870-nji ýyl. Ilkinji resmi kepderi poçta ugry Tur bilen Pariži baglanyşdyrdy.
1909-njy ýyl. Dünýäniň ilkinji reňkli film bolan «Deňze syýahat» Angliýanyň Braýton şäherinde görkezildi.
1928-nji ýyl. Hemmeleriň söýgüli gahrymany bolan Mikki Mausyň «Willi gämijigi» atly ilkinji sesli multfilmi Nýu-Ýorkda görkezilýär. Şondan öň Mikki Maus iki görnüşdäki sessiz multfilmde peýda boldy.
1928-nji ýyl. Aleksandr Fleming dünýädäki ilkinji antibiotik penisillini tapdy.
1963-nji ýyl. Düwmeli telefonlar ilkinji gezek köpçülige elýeterli boldy.

