19-njy fewral: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 Fewral, 2026

1861-nji ýyl. Azat ediji diýlip atlandyrylýan Aleksandr II Russiýa imperiýasynda krepostnoýçylyk hukugyny ýatyrýan Manifeste gol çekdi.

1878-nji ýyl. Amerikaly oýlap tapyjy Tomas Edison sesi ýazgy etmek we ony diňlemek üçin niýetlenen ähli enjamlaryň başlangyjy bolan fonografy patentledi. Bu abzalyň esasy ähmiýeti folgada ýazga alnan sesi gaýtadan diňläp bolýandygy bilen baglydyr.

1906-njy ýyl. Uilýam Kellog dünýäde ilkinji ertirlik üçin taýýar däneleri (hlopýalary) öndürýän kompaniýany esaslandyrýar.

1934-nji ýyl. Nýu-Ýorkda Andrea Simson Brekket atly bir zenan birbada üç sany üçem gyzjagazlaryň enesi boldy. Andrea 1936-njy ýylyň şol gününde ýene-de ekizleri dünýä inderdi, bu gezek olar iki sany oglanjykdy. Iň gyzykly tarapy bolsa, 1939-njy ýylyň 19-njy fewralynda hanym Simson Brekket nobatdaky üçemlerini dünýä getiren wagty maşgalabaşy — gahryman enäniň ýanýoldaşy nirädir bir ýerlere zym-zyýat boldy.


1940-njy ýyl. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýä indi.

1986-njy ýyl. SSSR dünýäde modul görnüşli ilkinji orbital stansiýa hökmünde bellige alnan «Mir» stansiýasyny älem giňişligine uçurýar. Häzirki wagtda ol ummanyň düýbündedir.


1990-njy ýyl. «Adobe Photoshop» grafiki redaktorynyň «doglan güni». «Photoshop» täsinlikleri döredýär!» — Bu şygary ähliňiz eşiden bolsaňyz gerek.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info