1784-nji ýyl. Doganlar Mongolfýeler tarapyndan gurlan iň uly howa şarynda (onuň gabygynyň göwrümi 23 müň kub metre barabar bolupdyr) 7 ýolagçynyň uçuşy amala aşyryldy.
1825-nji ýyl. Nýu-Ýorkdan Ezra Deggett we onuň ýegeni Tomas Kensett losos balygyny we beýleki deňiz önümlerini demir gaplara konserwirlemegiň usuly üçin patent aldy.
1853-nji ýyl. Rimde Juzeppe Werdiniň «Trubadur» operasynyň premýerasy boldy. Kompozitor özüniň iň meşhur eserleriniň birini bary-ýogy 29 günüň dowamynda ýazypdyr.
1903-nji ýyl. Häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly we meşhur bäsleşigi hasaplanýan «Tur de Frans» welosiped ýaryşynyň geçiriljekdigi yglan edilýär.
1915-nji ýyl. Parizli Žorž Klod neonly mahabat ýazgysy (wyweska) üçin patent alýar.
1938-nji ýyl. Amerikanyň «General Motors» kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup dizel dwigatelleriniň köpçülikleýin önümçiligine başlady.
1963-nji ýyl. Meşhur «Bitlz» toparynyň telewideniýedäki ilkinji çykyşy bellige alyndy.
1967-nji ýyl. Germaniýaly Kari Tauh taryhda iň gysga wesýetnamany ýazdy: «Ählisi — aýalyma».