B.e. öňki 240-njy ýyl. Grek alymy Eratosfen Kirenskiý dünýäde ilkinji gezek ýer meridianynyň uzynlygyny hasaplap çykardy.
1846-njy ýyl. Nýu-Jersi ştatynda taryhda ilkinji beýsbol duşuşygy geçirildi.
1862-nji ýyl. ABŞ-nyň ähli çäklerinde gulçulyk (gul eýeçiligi) gadagan edildi.
1912-nji ýyl. Dünýäde ilkinji «RK-1» arkaly dakylýan paraşýut üstünlikli synag edildi. Paraşýuty oýlap tapan Gleb Kotelnikowyň gözegçiliginde aerostatdan «Iwan Iwanowiç» atly maneken bökdürildi (olaryň ikisi hem aşakdaky suratda görkezilýär)
1961-nji ýyl. Kuweýtiň garaşsyzlygy yglan edildi.
1999-njy ýyl. Iň meşhur onlaýn-şuter bolan «Counter-Strike» oýnunyň ilkinji (1.0 Beta) nusgasy çykdy.
2006-njy ýyl. Norwegiýanyň Şpisbergen adasynda Ählumumy tohum amarynyň düýbi tutuldy. Tohum saklaýyş banky üçin bu adanyň saýlanyp alynmagyna sebitdäki hemişelik doňaklyk we arhipelagyň pes tektonik işjeňligi sebäp boldy.
