19-njy mart: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

19 Mart, 2026

1075-nji ýyl. Häzirki Görogly etrabynyň Zamahşar (Yzmykşir) obasynda Gündogarda «Fahru Hwarazm» (Horezmiň buýsanjy) diýlip tanalýan beýik türkmen alymy, edebiýatçy we şahyr Mahmyt Zamahşary dünýä indi. Onuň sözlük düzülişe, geografiýa, edebiýata, goşgy düzüliş kadalaryna, dini ylymlara degişli altmyşdan gowrak ylmy işi mälimdir.

1474-nji ýyl. Wenesiýada oýlap tapyşlary goramak baradaky kanun kabul edildi — bu dünýäde awtorlyk hukugyny goramak hakyndaky ilkinji kanundyr.

1831-nji ýyl. ABŞ-da ilkinji bank talaňçylygy amala aşyryldy. Iňlis immigranty Edward Smit «City Bank of New York» bankyndan 245 müň dollar — şol döwür üçin diýseň uly möçberdäki serişdäni ogurlady.

1899-njy ýyl. Sankt-Peterburgda Russiýanyň ilkinji «tiz kömek» stansiýasy açyldy.

1924-nji ýyl. Edermen esger, jemgyýetçilik işgäri, zehinli ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew doguldy. Ol türkmen esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini wasp edýän edebi mirasyny halkymyza bagyşlady. Onuň eserleri edebiýat boýunça okuw kitaplaryna hem girizildi.

1932-nji ýyl. Awstraliýada Port-Jekson aýlagynyň üstünden geçýän we şol döwrüň dünýädäki iň inli köprüsi bolan Harbor-Brij (49 m) açyldy. Ol 80 ýylyň dowamynda dünýä rekordyny özünde saklamagy başardy.

1953-nji ýyl. «Oskar» baýraklaryny gowşuryş dabarasy ilkinji gezek telewideniýe arkaly görkezildi.

1955-nji ýyl. Masada diýen ýerde (Ysraýyl) arheologlar Irod patyşanyň köşgüniň galyndylaryny ýüze çykardylar.

1955-nji ýyl. Amerikaly kinoaktýor, prodýuser Brýus Uillis dünýä indi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info