1824-nji ýyl. Nýu-Ýorkda iň kaşaň we modaly dükanlaryň jemlenen zolagy bolan 5-nji awenýu açyldy.
1865-nji ýyl. Lýuis Kerrolyň «Alisanyň Täsinlikler ýurdundaky başdan geçirmeleri» atly kitabynyň ilkinji neşiri çapdan çykdy.
1870-nji ýyl. London metrosy — «ýerasty ýol» açyldy.
1887-nji ýyl. ABŞ-da fermer we oýlap tapyjy Rouell Hodž tikenli sim üçin patent aldy.
1906-njy ýyl. «Portu» futbol kluby esaslandyryldy.
1916-njy ýyl. Moskwada «AMO» (Awtomobil motor jemgyýeti) zawody esaslandyryldy. 1933-nji ýylyň ahyrynda zawodyň ady «ZIS» (Stalin adyndaky zawod), soňra bolsa «ZIL» (Lihaçýow adyndaky zawod) diýlip üýtgedildi.
2020-nji ýyl. «SpaceX» kompaniýasynyň «Dragon 2» kosmos gämisi «SpaceX DM-2» missiýasynyň çäginde astronawtlar bilen älem uçuşyndan soň ilkinji gezek gonuşyny amala aşyrdy.
