1665-nji ýyl. Nýu-Amsterdam şäheriniň ady onuň täze eýesiniň — Ýork gersogynyň hormatyna Nýu-Ýork diýlip üýtgedilýär.
1876-njy ýyl. ABŞ-da Milli beýsbol ligasy esaslandyryldy.
1886-njy ýyl. Kanadada we ABŞ-da adaty halk baýramy bolan «Gemriji samyrlaryň güni» bellenilýär. Şol gün hininden çykýan samyry synlamalydygy we onuň özüni alyp barşyna görä baharyň nähili geljekdigini çaklap bolýandygy hakyndaky ynançlar bar.
1892-nji ýyl. Uilýam Peýnter «Crown Cork», ýagny «kronen dykysy» diýlip atlandyrylan metal çüýşe gapagy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş häzirki güne çenli öz ähmiýetini saklap gelýär.
1904 -nji ýyl. Rowaýata öwrülen synag uçarmany Waleriý Çkalow dünýä indi. Ol öz ekipažy bilen «ANT-25» uçarynda Moskwa — Demirgazyk polýus — Wankuwer ugry boýunça 8504 kilometrlik gonuşsyz uçuşy amala aşyrdy. Ol ABŞ-da gahryman hökmünde garşy alyndy. Uçujylaryň suratlary gazetleriň birinji sahypalarynda peýda boldy, olaryň hormatyna dabaralar guraldy. ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelt bolsa olary Ak tamda gutlady.
1935-nji ýyl. Poligraf ýa-da ýalan sözlemegi duýdurýan detektor ilkinji gezek amalyýetde ulanyldy. Leonard Kileriň kämilleşdiren enjamy iki jenaýatçynyň kazyýet işinde ulanylyp, onuň görkezmeleri olaryň günäsini subut etmekde esasy delil boldy.
1958-nji ýyl. Mary etrabynyň Peşanaly obasynda zehinli şahyr Gurbandurdy Orazow doguldy. Onuň «Saňa aýdasym gelýär», «Mähek bilen Röwşen», «Hijran halkasy», «Men sähra gidýärin» atly goşgular ýygyndylary okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şahyryň goşgulary rus, türk, gazak, azerbaýjan, garagalpak dillerine terjime edildi. Häzir ol «Biznes reklama» gazetinde zähmet çekýär.
1959-njy ýyl. Demirgazyk Uralda häzirki wagta çenli anyklanmadyk ýagdaýlarda Igor Dýatlowyň ýolbaşçylygyndaky dokuz syýahatçydan ybarat topar wepat boldy.
1977 и 1987 соответственно - родились Шакира, колумбийская певица, автор песен, танцовщица, продюсер, хореограф и модель и её уже бывший муж - Жерар Пике, испанский футболист, чемпион мира (2010) и Европы (2012).
1977-nji we 1987-nji ýyllar degişlilikde. Kolumbiýaly aýdymçy, meşhur aýdymlaryň birnäçesiniň awtory, tansçy, prodýuser we model Şakira hem-de onuň öňki ýanýoldaşy — ispaniýaly futbolçy, dünýäniň (2010) we Ýewropanyň (2012) çempiony Žerar Pike dünýä indi.